Agyr atletika

Agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag bolup, onuň düzümine türgenleriň ştangany kellesinden ýokara götermek maşklary girýär.

Agyr atletikanyň iki sany görnüşi bolup, olar silterläp götermek we itekläp götermekdir. Silterläp götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itekläp götermek iki aýratyn hereketden, ýerden egniňe çenli, soňra kelläňden ýokara galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar. Her bir türgeniň silterläp götermek we itekläp götermek synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji balyny kesgitlemek üçin goşulýar.

Gysga maglumatlar

  • Agyr atletika gadym döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr.
  • Agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Angliýada  geçirilipdir.
  • Ýaryş geçirilýän döwründe türgenler öz agramlyk derejesiniň üç essesine çenli göterip bilýär.
  • Erkekleriň ýaryşynda ştanganyň agramy 20 kg. Aýallaryň ýaryşynda onuň agramy 15 kg.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 8 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 18-25-nji sentýabr   
Medal toplumy: 16 
Ýaryş geçirilýän desga: Agyr atletika arenasy 

Suratlar

Giňişleýin


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: