Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Sport göreşi

Göreş sportuň başa-baş söweş görnüşi bolup, ol ýörite düşekçäniň üstünde, hiç hili enjamy we goragly guraly ulanmazdan alnyp barylýar. Göreşiň erkin usulynda pälwanlar ähli bedenini ulanyp bilýär. Bu öz gezeginde tiz hereket etmäge we söweşmäge mümkinçilik berýär. Garşydaşyň deňagramlylygyny bozmak we ony ýatyrmak üçin pälwanlar tiz hereketleriň birnäçesini ulanýarlar. Göreşiň Grek-Rim görnüşinde garşydaşyň guşaklykdan aşagyna hüjüm etmek gadagan edilýär. Şol sebäpli şu ýaryşda pälwanlar garşydaşynyň guşaklygyndan ýokarsyny tutup zyňmak ýaly güýçli usullary ulanýar.

Gysga maglumatlar   

  • Sport göreşi dünýä ýüzündäki iň gadymy sport görnüşleriniň biridir. Gowaklaryň diwarlarynda çekilen gadymy şekiller sportuň bu görnüşiniň biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl ozal hem bolandygyny aýdyň görkezýär. 
  • Orta asyrlarda göreş Angliýa, Ýaponiýa we Fransiýa döwletleriniň patyşa maşgalalarynyň arasynda meşhur bolupdyr.

Ýaryşlaryň geçýän döwri: 2 gün  
Ýaryşyň geçirilýän wagty: 25-26-njy sentýabr   
Medal toplumy: 18 
Ýaryş geçirilýän desga: Sportuň oýun görnüşleri toplumy


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: